XI-XIV asyr Abu Seýit - Mäne Baba binagärlik ýadygärliginde alnyp barylýan rejeleýiş we berkidiş işleri


XI-XIV asyr Abu Seýit - Mäne Baba binagärlik ýadygärliginde alnyp barylýan rejeleýiş we berkidiş işleri



Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 08-nji aprelinde çykaran 39-njy karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hasabynda durýan Abu Seýit - Mäne Baba binagärlik ýadygärliginiň (XI-XIV asyrlar) peştagyndaky syrçaly bezeglerinde rejeleýiş-berkidiş işleri ýola goýuldy.

Ilki bilen peştagda ölçeg işleri geçirilip, diwaryň ýüzündäki bezegler öwrenildi. XIV asyrda peýda bolan syrçaly nagyşlaryň käbir bölekleri gaçypdyr we köp bölekleriniň aralary açylyp, gowşandygy hem kesgitlenildi.

Mäne baba kümmeti Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde, Kaka demirýol bekedinden 81 km. günorta-gündogarda, Mäne obasyndan 7 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Alymlar tarapyndan tassyklanan ylmy maglumatlara görä ýadygärlik XI asyryň ortalarynda Türkmen - Seljuk soltanlarynyň buýurmasy esasynda Gündogaryň beýik akyldary, şahyr, keramatly pir Abu Seýit Abul Haýyryň - Mäne Babanyň (967 – 1049 ý.ý.) guburynyň üstüne gurlupdyr. Belli şahsyýetleriň mazarynyň üstüne hormat bilen kümmet galdyrmak däbi irki döwürlerden bäri Gündogarda giňden ýaýrapdy. Şeýle hem Mäne baba kümmetiniň diwarynda beýik türkmen seljuklar döwrüne mahsus bolan jübüt örümli we olaryň aralaryna bant bezegli örümleriniň asyl nusgalary saklanyp galypdyr.

Mäne baba kümmetiniň girelgesindäki syrçaly bezegler alymlaryň bellemeklerine görä XIV asyrda peýda bolupdyr. Syrçaly bezeglerinde geometrik, ösümlik bezegler goýy gök, açyk gök hem-de ak reňkler bilen bezelipdir. Syrçaly bezegleriň aralarynda hem ak reňkler bilen ýazylan ýazgylar ýerleşdirilipdir.

Peştagyň aýlawly arkasynyň aralygynda (timpan) ýerleşýän tegelek medalýonyň ýüzi arassalanylyp, aralarynda emele gelen ýaryklar ýörite angidrid garyndyly palçyk bilen doldurylyp berkidildi. Ondan aşakdaky aralykda ýerleşýän altygyraňly şekilleriň daşyna dörtburç, üçburç geometrik şekiller yzygiderlikde düzülipdirler. Olaryň häzirki wagtda ýarpy bölegi saklanyp, olarda berkidiş işleri geçirildi. Nagyşlaryň saklanmadyk böleginiň diwar ýüzi angidrid palçygy bilen örtülip, onuň ýüzinde nagyşlar çyzyk bilen dowam etdirildi.

Mäne baba kümmetindäki rejeleýiş-berkidiş we arassalaýyş işleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, «Abiwerd», «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýörite düzülen meýilnama esasynda tapgyrlaýyn yzygiderlikde alnyp barylýar.