Seljuklar döwrüniň ymaraty


Seljuklar döwrüniň ymaraty



Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasy, tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 08-nji aprelinde çykaran 39-njy karary bilen tassyklanan “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda, kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Abiwerd-Peştag ýadygärliginiň içki galasynyň merkezinde Juma metjidi diýlip çaklanylýan binagärlik ýadygärliginiň çäginde 2022-nji ýylyň ýaz-güýz möwsümlerinde ylmy gazuw-barlag işleri we rejeleýiş-berkidiş işleri alnyp baryldy.

Abiwert-Peştag arheologiýa ýadygärligi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň, Kaka etrap demirýol menzilinden 7 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Ýadygärlik birnäçe bölekleri öz içine alýan bitewi gadymy şäher toplumyndan ybaratdyr.

Ýaz we güýz möwsümlerinde ýörite taýýarlanan meýilnama boýunça Abiwert-Peştag ýadygärliginiň içki galasynyň günorta diwaryndan 65 metr demirgazykda, günbatar diwaryndan 55 metr gündogarda, demirgazyk diwaryndan 150 metr günortada ýerleşýän X-XI asyr “Juma metjidi” diýlip atlandyrylan gazuw meýdançasynda gazuw-barlag, ylmy - öwreniş, berkidiş işleri alnyp baryldy. Bu desga, ölçegi 22x22x4-4,5 sm. bolan bişen kerpiçleriň arasyna ganç palçygy goýlup örülipdir. Onuň diwarlarynyň käbir çäklerinde daş ýüzi bişen kerpiçleri çeper örmek usulynda, şeýle hem binagärlik-bezeg kerpiçjiklerini ulanmak arkaly haşamlanypdyr. Bu desga, ölçegi 22x22x4-4,5 sm. bolan bişen kerpiçleriň arasyna ganç palçygy goýlup örülipdir. Onuň diwarlarynyň käbir çäklerinde daş ýüzi bişen kerpiçleri çeper örmek usulynda, şeýle hem binagärlik-bezeg kerpiçjiklerini ulanmak arkaly haşamlanypdyr. Desganyň gündogar tarapynda asyl nusga diwar bezegleri ýüze çykaryldy. Bu binagärlik bezeg görnüşleriniň X – XI asyrlarda seljuklar döwründe has giňişleýin ulanylandygyny Günorta Türkmenistanyň orta asyr ymarat gurluşygyny öwrenýän alymlar belläp geçýärler. Muňa mysal edip, goraghananyň hasabynda durýan şol döwre degişli bolan Şugundyr baba kümmetiniň hem-de Mäne baba kümmetiniň binagärlik aýratynlyklarynda duş gelýän bezeg nusgalaryny görkezmek bolýar.