Mürzebeg gala


Mürzebeg gala



Güneşli Diýarymyzyň haýsy künjegine barsaň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, şöhratly geçmişimizden habar berýän taryhy-medeni ýadygärliklere duş gelmek bolýar. Olar halkymyzyň geçmişini şöhlelendirýär we ata-babalarymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşandyklarynyň aýdyň beýany bolup hyzmat edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek, olardan ýüze çykarylýan maddy gymmatlyklary dikeltmek, ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işlere uly üns berilýär. Türkmen halkyna miras galan bu ýadygärliklerde dürli ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy-barlag işleriň netijesinde tapylan tapyndylaryň arasynda, esasan, köp mukdarda dürli döwürlere degişli toýun palçykdan ýasalan gap-gaçlar, dürli görnüşli küýzeler hem-de olaryň döwük-ýenjikleri, zenan heýkelleri, zähmet gurallary we beýleki toýun önümleri ýüze çykarylypdyr. Bulardan başga-da geçirilen barlaglaryň dowamynda diňe bir küýze önümleri tapylman, eýsem, küýze önümlerini taýýarlaýan peçleriň — küreleriň hem köp mukdary ýüze çykarylypdyr.
Taryhy maglumatlara görä, paleolit döwründe adamlar palçykdan adamlaryň we haýwanlaryň şekillerini ýasapdyrlar. Palçyga berklik, oda, suwa çydamlylyk häsiýetini bermek üçin, ony bişirmek işi neolit döwründe başlanýar. Toýun önümleriň hojalyk üçin ulanylyp başlanmagy, adamzat jemgyýetiniň gazanan üstünlikleriniň biri hasaplanylýar.
Kerki etrabynda hem taryhy-medeni ýadygärlikler juda köpdür. Şeýle ýadygärlikleriň biri gala görnüşli şäher Mürzebeg galadyr. Mürzebeg gala Kerki etrabynyň Guwak geňeşliginiň merkezinden 2,5 kilometr günortada, ekerançylyk ýerleri bilen Garagum sährasynyň sepleşýän ýerinde ýerleşýär. Häzirki wagta çenli abat saklanyp galan diwar galyndylarynyň beýikligi 21 metre barabardyr. Ýadygärligiň uzynlygy 350, ini 200 metr, tutýan meýdany 7 gektar bolup, üsti günortadan-demirgazyga tarap 1 metrden 9 metre çenli beýgelip gidýär.
Taryh ylymlaryň doktory, arheolog W. N. Pilipkonyň 1974-1975-nji ýyllarda Mürzebeg galada geçiren gazuw-agtaryş işleri netijesinde, dürli görnüşdäki keramika gap-gaçlar, küýzeler, golçalar, hasyllylygyň nyşany hasaplanylýan zenan hudaýynyň we budda hudaýlarynyň heýkelleri, süňkden we metaldan ýasalan peýkam uçlary tapylypdyr.

Alym-arheolog ýadygärligiň medeni gatlagyny we tapyndylaryny içgin öwrenip, bu ýadygärligiň biziň eýýamymyzdan öňki III asyra degişlidigini anyklapdyr. Gala daşky duşmanlardan goranmak üçin gurlupdyr. Alym W. N. Pilipkonyň bellemegine görä, galada ýaşaýyş ykdysady taýdan gülläp ösüpdir. Munuň sebäbi, galanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegidir. Onuň üstünden gadymy Horezm bilen Hindistany birikdirýän Beýik Ýüpek ýoly geçipdir.
Mürzebeg galadan tapylan tapyndylaryň birnäçesi Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanylyp, arheologiýa bölümindäki ekspozisiýasynda görkezilýär. Bu tapyndylar muzeýi görmäge gelýän adamlarda uly gyzyklanma döredýär.
Galadan tapylan zenan heýkeli, it şekilindäki heýkeljik, atyň yzky bölegi, atlyň heýkeljigi örän seýrek duş gelýän tapyndylar hasaplanylýar. Şu tapyndylaryň arasyndan birnäçesi biziň günlerimize çenli abat saklanypdyr. Olar ýokary hilli palçykdan eýlenip, ýörite galypda ýasalyp, soňra kürelerde-peçlerde bişirilipdir. Galyp dykyz eýlenen toýun palçygyndan ýasalypdyr we oňat bişirilip, ýüzüne oýulyp şekil basylypdyr.
Zenan kellesiniň heýkelleri hasyl hudaýlarynyň keşbini şekillendirýär. Olar tegelek ýüzli, uly gözli, saçlary kelleleriniň daşyna owadanlap aýlanan, käbirleri bolsa ulurak ýa-da kiçiräk başgaply şekillendirilendir.
Zenan şekilindäki heýkeljikler Parfiýa döwrüne, biziň eýýamymyzdan öňki II-1 asyrlara degişli bolup, Awestadaky Anahitanyň keşbini ýatladýar. Bu şekiller beýik enäniň we ene topragyň nyşany hasap edilipdir. Olar bolsa, ýaşaýşyň başlangyjydyr. Heýkeljikler öýlerde saklanyp, «hasyllylyk keramaty» hökmünde oňa tagzym edipdirler. Atlyň heýkeljigi atda oturan görnüşde şekillendirilipdir. Ol az-kem gaýşybrak oturyp, elleri aşaga sallanyp, aty tutup duran ýaly ýasalypdyr. Onuň bili inçe, ýanbaşy dar, burçlak eginleri inli. Atlyň şekiliniň arka tarapyndan we ellerinden tegelejikler oýulyp salnan.
Mürzebeg galadan tapylan it şekilindäki heýkeljik alymlaryň pikirine görä, çaga oýnawajy bolup, jürlewük hökmünde ulanylypdyr. Ol inedördül görnüşde şekillendirilip, onuň dört sany aýagy, gulagy we gysgajyk guýrugy bar. Guýrugynyň ujunda üflemek üçin deşik edilen.

Türkmenistanyň çäginde köp mukdarda tapylan goçuň, goýnuň, itiň, atyň, öküziň şekilleri ýurdumyzyň çäginde ir wagtlar ýaşanlaryň durmuşynda haýwanlaryň uly ähmiýete eýe bolandygyny görkezýär. Çünki adamlaryň durmuşy haýwanlar bilen baglanyşykly bolupdyr. Olar haýwanlary iýmit, ýüň, geýim, ýük daşamak üçin peýdalanypdyr.
Haýwanlaryň dürli şekilleri nagyş hökmünde gap-gaçlarda, ojaklarda, tamdyrlarda şekillendirilipdir. Adamlar olary arwah-jyndan, göz-dilden, betbagtçylyklardan goraýar diýip hasaplapdyrlar.
Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan bu tapyndylar türkmen halkynyň geçmiş taryhyny we gadymy medeniýetini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Gulnara HUDAÝBERDIÝEWA