SARAHS


SARAHS

Saragt Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky Nişapur bilen Merwiň arasynda we Tejen derýasynyň ýokarky akymynda ýerleşen adybir welaýatyň merkezi şäheri bolupdyr. Bu ýere ilat eneolit döwründe (b.e.o. IV m.ý.) göçüp gelip başlapdyr. B.e.o. I m.ý. ortasynda köne Saragt şäherjiginiň ýerinde ilkinji obalar peýda bolupdyr. B.e.o. II m.ý. Saragt Parfýan döwletiniň düzümine giripdir we Siraken diýen ady alypdyr, ol syýasy we ykdysady taýdan Merwe tabyn bolupdyr. Araplaryň gelmegi bilen Orta Aziýanyň ýerli mirasdarlary bilim alanlaryndan soň, Saragtyň ähmiýeti ep-esli artýar. Şol wagt Beýik ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň biriniň ugry üýtgeýär, şondan soň ol Eýranyň merkezi welaýatlaryndan Nişapura baryp ýetýär, ondan aňryk bolsa Saragtyň üsti bilen Merwe we gündogara tarap gidýär. Saragtyň halkara söwdasynyň aýlawyna goşulmagy onuň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine amatly täsir edýär. Şol döwürde Saragt umumy meýdany 120 gektardan, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340x560 metr uzynlykda berkidilen şähristanly gür ilatly uly şähere öwrülýär. Şähristanyň 300-400 metr töwereginde, esasan, önümçilik mähelleleri ýerleşdirilipdir. Dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Saragtyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar.

Sarahsyň gala-diwary (XI-XIII asyrlar)

Saragtyň ussalarynyň şöhrady Orta Aziýa we Eýrana ýaýrapdyr, muňa Saragtyň çäklerinden daşarda gurlan ymaratlar şaýatlyk edýär. Eýrandaky RabatŞarif kerwensaraýynda, Merwdäki Soltan Sanjaryň äremgähinde, Jar Gürgendäki münberde saragtly ussalaryň atlary saklanyp galypdyr. Saragtyň ussalarynyň aýdyň eserleriniň biri halkyň arasynda “Saragt babanyň mawzoleýi” diýlip atlandyrylan Abul Fazlyň äremgähidir. Ol 1023-nji ýylda aradan çykan musulman akyldary Abul Fazylyň Saragt şäheriniň etegindäki mazarynyň üstünde XI asyrda bina edilipdir. XIII asyryň başynda mongol basybalyjylary Saragtyň durmuşyna agyr zarba urupdyrlar.

Rowaýat:

Sarahs ýer ýüzündäki ýurtlardan özüniň hoş howasy bilen tapawutlanypdyr. Ony Turan şasy Afrasyýap bina edipdir. Afrasyýap şa parasatly we akyldar bolupdyr. Halaýygyň her bir müşgil işi Afrasyýap şanyň adyllygy bilen çözüler eken. Öňki wagtlarda Sarahsyň adyna “Galaýy Afrasyýap” hem diýipdirler. Ol ýedi derwezeli gala bolupdyr. Erk galasynyň içinde nagym bolupdyr. Duşmalar gelip, şäheri gaban wagtynda , şol nagyma suw goýberer ekenler. Nagymdan eger atly esger naýzasy bilen atyny çapsa hem arkaýyn ýörär eken. Nagymyň günbatar tararynda juma metjidi bolupdyr. Onuň giňligi bäş ýüz gez, uzynlygy müň gez eken. Onuň mermer daşyndan örülen sütüni bolupdyr. Sarahsyň derwezesiniň iki tarapynda iki meýdan bolup ýer ýüzünde deňi-taýy ýok eken.

Çingiz han äleme gorky we pitne salyp gelnsoň, Sarahs galasy ýer bilen ýegsan bolupdyr.

Ýakut Hamawy “Kitap mugjam – ul – buldan ” (“Ýurtlar sözlügi”) diýen kitabynda Sarahs şäheri barada şeýle maglumatlary beripdir:

“Uly we giňişleýin Horasanyň bir gyrasynda ýerleşen gadymy şäher. Ol Merw bilen Nişapuryň arasyndaky ýoluň üstünde ýerleşýär. Sarahsdan Nişapura çenli, Sarahsdan Merwe çenli ikisiniň her biriniň arasynda alty menzillik ýol bardyr. Bu şähere Keý Kowus şanyň zamanynda ýaşan Zuggar Sarahs bin Huzers diýen adamyň ady goýlupdyr. Ol bu ýerde ýaşapdyr, şäheri gurupdyr, häkimlik sürüpdir. Soňra onuň gurluşygyny Isgander Zülkarneýin dowam etdiripdir we ol bu işi tamamlapdyr. Parslar Keý Kowus şa bu ýeri Sarahs bin Huzerse bölüp beripdir, ol bu şäheri gurupdyr, şähere onuň ady dakylypdyr diýýärler. Sarahs dördünji yklymda ýerleşýär. Şäheriň mes topragy bardyr. Onuň töwerekleri köplenç öri meýdany hökmünde ulanylýar”.