KITAP BIZIŇ DOSTUMYZ


KITAP BIZIŇ DOSTUMYZ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen «Kitap biziň dostumyz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň baý kitap hazynasyndaky kitaplary ýaşajyk okyjylarymyza tanyşdyryldy. Körpeje okyjylarymyza kitabyň adamzat durmuşundaky tutýan orny barada ynsany terbiýelemekde kitabyň ähmiýeti hakynda hem täsirli gürrüňler berildi. Kitap hazynamyzda çagalar üçin bar bolan kitaplar barada hem okyjylarymyza wagyz edildi. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamzadyň köňül nagşyna öwrülen kitaplary döwrebap usulda yzygiderli neşir etdirip ýaş nesillere okamaklyga, öwrenmeklige giň şert mümkinçilikleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.