DESSANÇY ŞAHYRYŇ ESERLERI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Dessançy şahyryň eserleri» atly kitap sergi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek »neşirler bölümi tarapyndan «Dessançy şahyryň eserleri» atly kitap sergisi bölümiň okalga zalynda kitaphana gelýän okyjylaryň gatnaşmagynda gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan kitaphana gelýän okyjylaryň gatnaşmagynda «Dessançy şahyryň eserleri» atly kitap sergi gurnaldy. Kitap sergimize Türkmen Döwlet Binagärlik we gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyplary gatnaşdy we olarda uly täsir galdyrdy.
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.