EL HÜNÄRI–NESILLERE MILLI TERBIÝE MEKDEBI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde milli el işlerimizi ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen «El hünäri–nesillere milli terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda dünýä medeniýetini ösüşine goşant goşan milli keşdeçilik sungaty barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de iňňe, ýüwse oýmak ýaly keşdesiniň gerekli bolan gurallary, ýüpek sapaklary işmegiň we syntgylamagyň usullary, çep we sag halkalaryň gerekli-gezegine hünär elleriň kömegi bilen keşde sungatyny emele getirişi barada gyzykly gürrüňler edildi.
Gadymy milli mirasymyz bolan keşde nagyşlarymyzyň «Tyllagoçak», «Günebakar», «Şänik», «Çemçegöl», «Kebelek», «Çynar», «Goçak», «Tegbent», «Gülýaýdy» ýaly görnüşleriniň zenanlarynyň köýnekleriniň ýakalaryna, kürtelere, çyrpylara, oglan we gyz tahýalara , erkek adamlaryň köýnekleriniň ýakalaryna şeýle hem çaga kürtekçelerine salynyşynyň aýratynlyklaryny barada hünärmenlerimiz aýdyp beren maglumatlary bilesigeliji okuwçy gyzlara uly tasir galdyrdy, Gurnalar el işleriniň sergisi hem olara uly gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eneden gyza geçip häzirki günlerimizde gelip ýeten milli el işlerimizi nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.