KITAPHANALARY ÖSDÜRMEGIŇ MAKSATNAMASY–NESILLERIŇ ÝAGTY GELJEGINIŇ GÜWÄNAMASY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Altyn asyr teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň 3-nji kitap dükanynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi mynasybetli «Kitaphanalary ösdürmegiň Maksatnamasy–nesilleriň ýagty geljeginiň güwänamasy» atly duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda bu Maksatnamanyň kitaphana ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmaga, kitap neşir etmek işini has-da kämilleşdirmäge, kitaphanalaryň kitap gaznasyny has-da baýlaşdyrmaga, kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini we many-mazmunyny has-da ýokarlandyrmaga, Türkmenistanyň halkara derejesinde kitaphana işi babatdaky maksatnamalaryny ösdürmäge ýardam berjekdigi buýsanç bilen aýdyldy. Şeýle hem ýaş nesiliň döwrebap bilim almagy, dünýäde giň gerime eýe bolan ösen tehnologiýalaryň eçilýän miwelerinden gönüden göni peýdalanmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňler edildi. Döwür bilen deň derejede ösýän, kämilleşýän kitaphanalaryň biri bolan Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň öz saýdynyň üsti bilen okyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagy, has giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmegi baradaky buýsançly sözleri söhbetdeşligiň dowamynda beýan edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda döredilýän ajaýyp mümkinçilikden peýdalanýan kitaphanaçylaryň, şol sanda kitaphana hyzmatyndan peýdalanyjylaryň özleri üçin döredilip berilýän ähli şertler üçin, kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan beýik işler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.