ZENANLAR-GÖZELLIGIŇ GÖWHERI


ZENAN ZEMINIŇ GÖWHER GAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenanlar-gözelligiň göwheri» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen zenanlarymyza ýurdumyzda goýulýan hormat sarpa hem-de gelin-gyzlarymyzyň durmuşdaky orny barada gürrüň berildi. Diýarymyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabaralaryň giň gerime eýe bolmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlara pul sowgadyny bermegi hem-de köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, hormatly adyň nyşanlarynyň, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň berilmegi, bu bolsa ýurdumyzyň zenanlaryna gelin- gyzlaryna ýatdan çykmajak sowgat bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýlede çärä bagyşlap gurnalan kitap sergisi, 7-nji çagalar sungat mekdebiň nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň çeken suratlary çärä gatnaşanlarda täsir galdy we gyzyklanma döretdi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.