PARAHATDYR DIÝARYM EZIZ, TÜRKMENISTANYM
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Türkmenistanyň ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende galdyrjak 2025-nji ýylda öňümizde asylly maksatlara gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Mary welaýat kitaphanasynyň guramagynda Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk orta okuw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym eziz, Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy. Mart aýynyň 10-15-i aralygy dowam edýän «Parahatdyr Diýarym eziz, Türkmenistanym» ady bilen gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri ýerleşdirilip bu kitap sergisini has hem baýlaşdyrmakda öz beýanyny tapdy. Bu kitap sergi talyplarda uly täsir galdyrdy.
Serginiň dowamynda şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýdyp olaryň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.