KITAPHANA ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR


KITAPHANA ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Ahal welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin ýerine ýetirilmeli işler barada «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde welaýatyň etrap merkezi kitaphanalarynyň kitaphanaçy hünärmenleriniň we Ak bugdaý etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek barada durup geçdiler.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny ösdürmek ugrunda döredýän mümkinçilikleri üçin alkyşlar aýdyldy we janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.