ZEMINIŇ LÄLESI-ASMANYŇ AÝY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Zeminiň lälesi-asmanyň aýy» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Bu göçme sergide Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan gelin –gyzlarymyz hakyndaky edebiýatlar hem-de ýurdumyzyň ýazyjy-şahyr gelin-gyzlarymyzyň ýazan kitaplary sergide goýuldy.
Sergä gatnaşyjylar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.