MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI TERBIÝE MEKDEBI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Magtymguly Pyragynyň dürdäne sözleri halkymyzyň edep-terbiýe mekdebiniň, ahlak-ýörelgeleriniň ählisi babatda kämilliginden habar berýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, kämil eserleri ýagşylygyň we edepliligiň gönezligidir. Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi, ýaş nesillere görelde, mekdebi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň nesillerimizi, mynasyp terbiýelemekde uly ähmiýeti bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.