ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY-KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY


ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY-KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli kitaphana işgärleriniň hem-de şäherimizde ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Şanly ýylyň şygary-köňülleriň çyragy» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Milli Liderimiziň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynada üstünlikli geçen 2024-nji ýyl türkmen halkynyň taryhy sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Halkymyzyň ýagşy niýetler bilen garşy alan täze–2025-nji ýyl öz ady bilen gelip, geljek döwürleriň parahat, nesilleriň abadan durmuşynyň, ösüşleriň hem döredijiligiň, halkara giňişliginde birek-biregiň dost-doganlyk gatnaşyklarynda parahatçylygyň höküm sürmegi, täze maksatlara badalga beriljekdigi barada uly buýsanç bilen belläp geçildi.