HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÝAŞLAR–WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABY ESASYNDA
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar–Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen «Ýaşlar–Watanyň daýanjy» kitabynyň çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerini we üstünliklerini özünde jemläp, ondaky hormatly Prezidentimiziň parasatly pikir-garaýyşlary dürli pudaklarda işleýän, döredýän, gurýan, ylym-bilim ojaklarynda okaýan, hünär öwrenýän ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de bu ajaýyp kitabyň halkymyzyň, döwletimiziň bagtyýar geljegine bolan ynamy has-da berkidýändigini, kitabyň bölümlerinde Watany söýmegiň mukaddesligi, Watana halka söýgi barada, şeýle hem ýaşlar üçin ruhy hereketlendiriji güýç hökmünde maksat goýmak we oňa ýetmek, üstünlik gazanmak üçin ynanmak ýaly ruhy ýörelgeler beýan edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ösdürmekde we dünýä ýaýmakda edýän aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.