KITAPHANA SYNY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminiň guramagynda kitaphana syny geçirildi. Bu kitaphana synynda «Türkmen keçesi» atly 3 dilde ýazylan kitaba syn berildi.
«Türkmen keçesi» atly kitabyň mazmunynda türkmen halkynyň milli mirasy bolan türkmen keçeleri hakynda giňişleýin gürrüň berildi. Türkmen halkynyň gadymy sungaty bolan keçe taýýarlamaklygyň taryhy, gelip çykyşy, hem-de taýýarlamaklykda gerek bolan boýaglaryň reňkiniň tebigy zatlar bilen boýalyşy barada gyzykly maglumatlar aýdyldy. Şeýle-de ýurdumyzda uly gyzyklanma bilen okalýan «Bereketli toprak» gazetinden hem çykyş edildi.
Türkmen milli amaly-haşam sungatynyň arzyly gymmatlyklarynyň biri hem bahar ýaýlasy deýin owadan keçelerdir. Keçeler türkmen durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bu gadymy senet, müdimi sungat gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň miwesi bolup, milletimiziň döreden maddy we ruhy medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasydyr. Türkmen zenanynyň hünärli gol zähmetinden döreýän bu gymmatlygy öwrenmek, ösdürmek we onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biridir. Şol maksatdan ugur alnyp, halkymyzyň gadymy keçe taýýarlamak senediniň inçe syrlary, keçe gülleriniň many-mazmuny, keçe önümleriniň halkymyzyň durmuşynda tutýan orny barada söhbet açýan «Türkmen keçesi» atly kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde çapa taýýarlanyldy.
Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, maddy we ruhy medeniýetini gorap saklamak hem-de ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!