PYRAGYNYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI


PYRAGYNYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrlan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alandygy, akyldar şahyryň çoh garaşan ajaýyp eýýamy bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda hasyl bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýaş nesilleriň kalbynda watana wepalylygy kemala getirmekde, ajaýyp döwrümize, bagtyýar durmuşymyza söýgi döretmekde, kitaphana işgärleriniň öňünde uly wezipe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda nusgawy şahrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, dünýä tanatmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.