MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS


MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar Uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy il-ýurduny ýürekden söýen, hemişe halkyň aladasy bilen ýaşan beýik şahsyýetdigi, ol pähim-paýhasa baý şygyrlarynda adamyň at-abraýynyň, ata Watanynyň, il-gününiň öňünde bitirýän hyzmatyna, goýýan gadyr-gymmatyna baglydygyny ussatlyk bilen beýan etmegi başarandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň tutuş adamzat bähbitli ýörelgesi diňe bir ýaşan döwründe ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ähli eýýamlar üçinem gymmatly hazyna hasaplanýandygy, şahyryň umman deýin giň, köptaraply döredijiliginde adamlarda oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynyň uly orun tutýanlygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň edebi-mirasyny içgin öwrenmek, onuň döredijiligini dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.