ÝAŞYNMAK-EDEP TERBIÝELIGIŇ NYŞANY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir zenanlary «Ýaşynmak-edep terbiýeligiň nyşany» atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda geçmişden şu güne miras bolup gelen türkmen zenanlarynyň börükleriniň daşyna ýüpek ýalyk oralyp, ujynyň ýeňse tarapyndan daňylyp, ýaglygyň ujynyň ýa-da gyrasynyň türkmen gelinleriniň ýaşmagy bolup hyzmat edendigi barada gyzykly gürrüňler edildi. Türkmen zenanlarynyň ýaglygyň gyrasyny eňeginiň aşagyndan geçirip, onuň bilen agzyny we eňegini örtendigi barada hem söhbetdeşlikde belläp geçildi. Ýaşynmagynyň esasy maksadynyň türkmen gelniniň durmuşa çykyp baran maşgalasynda gaýynatasyna, gaýynenesine, gaýynagalaryna, ýaşululara hormat–sylagynyň nyşanydygy barada hem täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda halk arasynda gadymdan gelýän ýörelgeleriň milliligini ýitirmän gelip mynasyp dowam etdirilýändigini buýsanç bilen nygtaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň milliliklerine çäksiz hormat goýup türkmen zenanlarynyň mertebesini belent derejelere ýetirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.