HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY


HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi we Daşoguz welaýat kitaphanasynyň guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň hem-de Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda uly sepgitlere ýetilýär. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly täze kitaby barada hem-de Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenen işler barada giňişleýin çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Diýarymyzy özgertmekde hem-de ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny kämilleşdirmekde uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.