KALBYMYZY BUÝSANDYRÝAN KITAPLAR


KALBYMYZY BUÝSANDYRÝAN KITAPLAR

Lebap welaýat kitaphanasynda «Akylyň-paýhasyň gözbaşy kitap» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda ýaş nesillerimiziň arasynda ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimizi we sungatymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan kitaphanalarda alynyp barylýan işler hakynda giňişleýin söhbet edildi. Şeýlede ýaşlarda kitaba bolan söýgüni, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli mirasa sarpany, zähmete söýgüni döretmek barada gürrüňler edildi. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň giňişleýin kitap sergisi guraldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlarymyzyň bilimli, ylymly bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!