KITAP AKYL-PAÝHAS HAZYNASYDYR


KITAP AKYL-PAÝHAS HAZYNASYDYR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň hem gatnaşmagynda «Kitap akyl-paýhas hazynasydyr» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki wagtda kitaphanalarda alnyp barylýan döwrebap işler, okyjylara edilýän hyzmat, kitap we kitabyň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti hakynda, Gahryman Arkadagymyzyň kitap hakyndaky ýazan pähim-paýhaslary hem-de halkymyzyň ýan kitabyna öwrülen ajaýyp eserleri hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.