KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler alym N.Suwhanowyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň ýazan «Magtymguly Pyragynyň ynsaply ýaşaýyş taglymatyny jemgyýetçilik ylymlarynda şöhlelendirmek» atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Kitapda beýik akyldaryň ýaşaýyş taglymatynda tebigat, jemgyýet, adam, ynsap, ýaşaýyş paýhasy barada öne süren oý-pikirlerini jemgyýetçilik ylymlarynda şöhlelendirmek bilen baglanyşykly meseleleri beýan edilýändigini aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de Jumadurdy Annaorazowyň «Türkmenistan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe (meseläniň taryhnamasy)» atly kitaby bilen tanyş boldular. Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygyna bagyşlanan kitabyň taryhçylar, mugallymlar, taryh ugrundan ýöriteleşýän talyplar we Türkmenistanyň taryhy bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini nygtadylar.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.