GELSE NOWRUZ ÄLEME...
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi «Gelse Nowruz äleme...» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler her bir güni toý baýrama beslenýän bagtyýar ilimiz baharyň gelmegine we tebigatyň janlanyşyny buşlaýan Milli bahar baýramyny Halkara Nowruz gününi uly joşgun bilen garşy alýar. Nowruzyň gadymy hem täsin taryhy bar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Gelse Nowruz äleme, reňk kylar jahan peýda» tebigata jan berýän Nowruzyň dünýäni täze keşbe getirişini wasp edýär. Söhbetdeşligiň dowamynda Nowruz baýramynyň bellenilip başlanmagy bilen baglanşykly birnäçe rowaýatlar hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.