KITAP SERGISI
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 25-den noýabr aýynyň 30-y aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi «Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.