HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ ROWAÇ MENZILLERI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary bilen «Altyn Asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri hem halkara guramalary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýar. Türkmenistanyň saýlap alan daşary syýasy ugry bütin dünýäde parahatçylygyň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýmaga gönükdirilendir» diýip belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizi ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim we beýleki ähli ugurlarda gülledip ösdürmekde, senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmekde il-ýurt bähbitli işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.