TÜRKMEN BAGŞYÇYLYK SUNGATYNDA HALYPALARA HORMAT
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Türkmen bagşyçylyk sungatynda halypalara hormat» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä mirasynda mynasyp orny bar. Şol gymmatlyklaryň naýbaşy nusgalarynyň biri hem türkmeniň parahatçylygy söýüji häsiýetini sazyň dili bilen beýan edýän türkmen dutarydyr. Dutar türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli medeni mirasy bolmak bilen bu saz guralynda ýerine ýetirilýän çuň mazmunly aýdymdyr sazlaryň agzybirligi, parahatçylygy, ruhubelentligi, ynsanperwerligi, watanperwerligi ündemekde ägirt uly hyzmaty bar. Halkymyzyň çeper döredijiliginiň kämil nusgasy bolan dutar türkmeniň ýaşaýyş durmuşynda ebedi orun alan, türkmen taryhyny saz dili bilen beýan edýän mukaddes senetdir.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ynsan kalbynyň ruhy ganatyna öwrülen aýdymdyr sazlarymyzyň, milli saz gurallarymyzyň öwrenilmeginiň, ösdürilmeginiň, bu ugurdaky tejribeleriň indiki nesillere ýetirilmeginiň rowaçly menzillerine giň ýol açan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.