ARZUWLAN ZAMANAŇ GELDI PYRAGY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri bölümi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi Ylymy kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza bagyşlap «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eseri bolan Ynsan kalbynyň öçmejek nury-atly kitabynda şeýle diýýär: «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar» diýip belläp geçýär. Şeýle-de, seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň çäginde «Magtymguly Pyragy-dünýä danasy» atly kitap sergi hem gurnaldy.
Medeniýetimiziň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmyda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.