BEREKETLI MEKAN–TÜRKMENISTAN
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bereketli mekan–Türkmenistan» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sahawatly türkmen topragynyň hasyllygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem egsilmez rysgalyny alamatlandyrýan hasyl toýy beýik maksatlara ruhlandyrýan milli baýram hökmünde her ýyl uly joşguna beslenip bellenilip geçirilýändigi barada giňişleýin belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.