GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARLARY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Gündogaryň beýik akyldarlary» atly kitap sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredildi. Kitap sergimize Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda kitap sergi gurnaldy. Sergä gatnaşan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen medeniýetinde öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize bagyşlanan kitaplar öz beýany tapýar.
Medeniýetimiziň hak howandary türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmyda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.