KITAP–RUHY HAZYNA


KITAP–RUHY HAZYNA

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap–ruhy hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi. Häzirki döwürde Türkmenistanda kitaba bolan özboluşly garaýyş has-da aýdyň ýüze çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň kitaphanalar ulgamynda alnyp barylýan işler döwrebap guralyp bu işde dünýä tejribesinden giňden peýdalanylýar. Munuň özi kitaba uly sarpa goýýan halkymyzyň ruhy hazyna deňeýän kitaba bolan gyzyklanmasynyň has-da artmagyna täsir edýär. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphananyň taryhy, geçmişi hem-de şu güni hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen gyzykly gürrüňleri berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.