BIZ ERTEKILERI SURATLANDYRÝARYS
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitap söýüji çagalaryň arasynda «Biz ertekileri suratlandyrýarys» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda erteki gahrymanlaryny suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gyzykly gürrüňdeşlik geçirildi. Hünärmenlerimiz söhbetdeşlik arkaly ertekilerdäki oňat hem-de erbet gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagajyklara durmuşda gowy adam bolmagy, birek-birege kömek etmegi, adalatly, dogruçyl bolmagy ündediler. Okyjylarymyzyň ertekiler esasynda çeken suratlary esasynda gurnalan sergi aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi..