MEDENIÝET WE SUNGAT HALKYŇ RUHY BAÝLYGY
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, Berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, sanly ulgamy ornaşdyrmaga, täze medeni maksatly desgalary gurmaga döwletimiz tarapyndan iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Şeýle hem welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurlup ulanmaga berilýän medeni aň-bilim edaralary, kitaphanalar, muzeýler, teatrlar, sirkler, medeniýet öýleri bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly möhüm ähmiýet berýänligi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge uly mümkinçilikler döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.