MEDENIÝET HALKYŇ BAÝLYGY


MEDENIÝET HALKYŇ BAÝLYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Medeniýet halkyň baýlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar türkmen medeniýetimiziň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly gymmatly eserinde beýan edilen, ata-babalarymyzyň bize miras goýan milli medeniýetimiz, sungatymyz, däp-dessurlarymyz barada dürdäne setirlerinden täsirli gürrüňleri berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň medeniýetini, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny, ruhy baýlyklaryny gorap saklamakda hem-de dünýä ýaýmakda edýän tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.