RUS HALK ERTEKILERINIŇ TÄSINLIKLERI


RUS HALK ERTEKILERINIŇ TÄSINLIKLERI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adynaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Bagtyýar nesiller» atly 74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen «Rus halk ertekileriniň täsinlikleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda rus halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlaryň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler. Gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.