YLMY-AMALY MASLAHAT
Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi binasynda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň gurnamagynda «Kitap-dünýäniň açary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Geçirilen ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe, babatda görelde mekdebidir» diýen, parasatly jümlelerinden ugur alyp, kitaphana jemgyýeti döretmek şeýle-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak bolup durýar.