TOPRAGYŇ BEREKEDI–HALKYŇ RYSGALY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Bagtyýar Nesiller» 74-nji orta mekdebiniň ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Hasyl toýy mynasybetli «Topragyň berekedi–halkyň rysgaly» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen daýhanlarymyzyň her ýyl ak bugdaýdan, gowaçadan, bol hasyl alýandyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Topragymyzdan önýän dürli-dürli ir-iýmişler, bakja önümleri gök önümler bazarlarymyzy bereket çeşmesine öwürýär. Topraga hyzmat eden ondan diňe bereket tapýar diýip alyp baryjy söhbetdeşligini gyzykly dowam etdi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly täsirli soraga-jogap bilen dowam edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda «Bereketli saçagyň baýramy» atly çärämizde sergi gurnaldy. Şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.