HALAL ZÄHMETIM–BEREKETLI HASYL
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Halal zähmetim–bereketli hasyl» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle hem oba hojalyk pudagy bilen bagly kitaplar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar özlerine gerek bolan edebiýatlary görüp, gerekli maglumatlaryny tapmaga giň mümkinçilik döredildi.
Geçirilen serginiň ahyrynda halkymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzyň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!