KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler alym, lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň ХVI jildi bilen tanyşdyrdylar. «Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserde ýerli dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmak bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik beýan edilýändigini, dermanlyk ösümlikleriň suratlary, olar baradaky maglumatlar, biologiki aýratynlyklary, ýaýran ýerleri, himiki düzümi, emleri taýýarlamagyň we peýdalanmagyň usullary tertipnama esasynda görkezilendigini beýan etdiler.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar «Il saglygy-ýurt baýlygy» diýip, halkyň saglygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.