ZEMINIŇ ABATLYGY–ÝAŞAÝYŞYŇ EBEDILIGI


ZEMINIŇ ABATLYGY–ÝAŞAÝYŞYŇ EBEDILIGI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda okalga otagynda hünärmenleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eserinden «Zeminiň abatlygy–ýaşaýyşyň ebediligi» bölümi esasynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan Döwletimiziň dünýä halklarynyň arasynda dostana gatnaşyklaryň, birek-birege ýakyndan ýardam bermek meýilleriniň amala aşmagyna täsir edýän wezipeleri barada bölümde beýan edilýän wakalar hakynda täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmeniň döwletli ýörelgelerine daýanýan parahatsöýüjilik gatnaşyklaryny ebedileşdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.