MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS


MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň dogulan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň giňden öwrenilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinde Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň döredijiliginiň şöhlelendirilişi, dana şahyrymyza goýulýan hormatyň, sarpanyň bimöçberdigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bize şeýle nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň döredijiligini çuňňur öwrenmäge, şol eserleriň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.