HAKYDA GÖWHERI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Döwlet kitaphanasynyň işgärleriniň işjeň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Mähriban Arkadagymyz täze kitabynda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, taryhymyzyň şöhratly sahypalaryny, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny beýan edendigini nygtady.
Dürdäne eserleri bilen dünýämizi gözelleşdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri elmyda rowaçlyklara beslensin!