PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM


PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň tassyklan göçme kitap sergisiniň tertipnamasyna esaslanyp ýörite sungat mekdebiniň girelgesinde «Parahatdyr diýarym, Eziz Türkmenistanym» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.

Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary hem-de Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa, millilige, ynsanperwerlige ýugrulan eserleri ýerleşdirildi. Sergide kitaplara ýaş talyplaryň öňünde giňişleýin syn berildi. Şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip yglan edilmegi milli ýörelgelerimiziň dowamat-dowam tapýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Çünki parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak, hoşniýetlilik, dostluk halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen pähim-paýhasly ýörelgeleriniň özenini düzýär. Bitaraplyk taglymatymyz hem daşary syýasatymyzyň milli nusgasy bolup, türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer däplerine esaslanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir» diýip bellemegi abadançylyk, bagtyýarlyk baradaky edýän aladalarydyr.