MAKSATLY MENZILLER


MAKSATLY MENZILLER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde gurnamagynda «Maksatly menziller» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri bagtyýar halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň röwşen geljegine gönükdirilendigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Ýaşlaryň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup, ata Watanymyzyň at-abraýyny barha belende götermekde özleriniň goşantlaryny goşýarlar.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.