KITAP-BILIMIŇ ÇEŞMESI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Arkadag şäherindäki 6-njy çagalar bagynda «Kitap-bilimiň çeşmesi» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemek işini irginsiz alyp barýan kitaphanaçylary has-da buýsandyrýar. Ýaş nesli kitabyň, çeper eserleriň üsti bilen terbiýelemek çagalar kitaphanalarynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýýan asylly maksatlarynyň biri bolup durýar. Ertekileriň, hekaýalaryň, rowaýatlaryň üsti bilen çagalara Watançylyk terbiýesini, estetiki terbiýäni, zähmet terbiýesini, ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň, olarda ata Watana, ene topraga bolan söýgüni döretmegiň, ene-ata bolan sylag-hormaty kemala getirmegiň, ylyma-bilme, kitaba sarpa goýmagy öwretmegiň özi kitaphanaçylaryň mukaddes borjudyr.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalarymyzyň geljegi ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.