ÝAŇLANÝAR SÖZLERIŇE AJAP AÝDYMLAR, TÜRKMENIŇ GUWANJY DANA PYRAGY


ÝAŇLANÝAR SÖZLERIŇE AJAP AÝDYMLAR, TÜRKMENIŇ GUWANJY DANA PYRAGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen «Ýaňlanýar sözleriňe ajap aýdymlar, türkmeniň guwanjy dana Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okuwçylara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler.

Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.