ÝÜREKLERDE ALKYŞ BAR


ÝÜREKLERDE ALKYŞ BAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlarymyzyň erkana ýaşamagy, zähmet çekmegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi üçin ajaýyp şertler döredilendir. Halkara zenanlar gününiň eziz Diýarymyzda uludan toý edilmegi hem ýurdumyzda enelere, gelin-gyzlara goýulýan çäksiz sarpanyň, hormatyň alamatydyr.

Özleri hakdaky aladalardan ruhlanan bagtyýar zenanlar bu gün ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda, hususy pudakda, jemgyýetçilik guramalarynda we beýleki ugurlarda netijeli işleri alyp barýarlar. Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary hem welaýat derejesinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabaralarda kitap sergileri gurnaýarlar.