ÝAŞLAR BILEN DOWAMATDYR BU ÝOLLAR
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda «Ýaşlar bilen dowamatdyr bu ýollar» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabyndan ýaşlara berilýän gymmatly öwüt–ündewler barada kitaphanamyzyň hünärmenleri täsirli gürrüňler berdi. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti barada hem gyzykly söhbetler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bilimleriň mekanyna öwrüp, okamaklyga, öwrenmeklige döredýän giň şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.