GELSE NOWRUZ ÄLEME


GELSE NOWRUZ ÄLEME

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Gelse Nowruz äleme» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ata-babalarymyzdan miras galan, kökleri taryhyň müňýyllyklaryna uzap gidýän Milli bahar baýramy–Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýşyň ýaraşygydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.