“Arçman” şypahanasynyň dynç alyş-sagaldyş syýahatçylygy üçin ähmiýeti
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekden hem-de halkymyzyň maddy we medeni durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Soňky ýyllarda syýahatçylygyň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, dynç alyş-sagaldyş syýahatçylygy hem yzygiderli ösýär. Dynç alyş-sagaldyş syýahatçylygy syýahatçylygyň ähmiýetli görnüşleriniň biri bolup, syýahatçynyň hassalykdan saplanmagyny, saglygyny dikeltmegini, bejergi almagyny we saglygyny berkitmegini maksat edinýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda häzirkizaman syýahatçylyk dynç alyş-şypahana ulgamynyň döredilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy üçin durmuşa ornaşdyrylýan möhüm çäreleriň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kalbyňy joşdurýan, jana şypa berýän syýahatçylyk, kurort toplumlarynyň giden bir ulgamy döredildi. “Arçman” şypahanasy iň uly şypahanalarynyň biri bolup, paýtagtymyz Aşgabatdan günbatara 130 km. daşlykda ýerleşýär. Arçmanyň şypaly suwy himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly, gidrokarbonalty, natrili-kalsili-magnili suwa degişli. Çeşmäniň gözünden alnan suwuň düzüminde kükürtli wodorodyň mukdary bir litrde 10-12 grama barabardyr. Temperaturasy bütin ýylyň dowamynda 28,2-28,5 ºC deňdir. Suwuň gury galyndysynyň spektral barlagy onuň düzüminde 24 elementiň bardygyny görkezdi. Arçman suwy içmek, suwa düşmek, klizmalar arkaly içegeleri ýuwmak üçin ulanylýar. Arçman suwunyň mukdary (debidi) sekuntda 180-200 litre barabardyr. Onuň minerallyk derejesi çeşmäniň özünde-de, turbalardan barýan wannalarda-da we suw galereýasynda-da deň düzümdedir. Ol suw gyzdyrylanda-da himiki düzümini üýtgetmeýär. Wanna kabul edilende suwuň düzümindäki kükürtli wodorod we beýleki mikroelementler bedende bütinleý “özgeriş” döretmek bilen, öýjükleriň-dokumalaryň işjeňligini güýçlendirýär. Gan aýlanyşyny gowulandyrýar, agzalaryň dokumalarynyň gaýnaglama-çişme hadysalaryň aýrylmagyna ýardam edýär. Mineral suwuň täsiri çylşyrymly. Ony haýsy hem bolsa belli bir kesgitli täsirler bilen çäklendirmek bolmaz. Mineral suwuň esasy täsiri aşgazana düşeninden soň başlanýar. Onuň mikroelementleri nemli barda arkaly limfalara, gandamarlaryna geçip, olara şypaly täsir edýär. Mineral suw aşgazanyň içindäki ýygnanan şireleri, lödereleri eredip, aşgazanyň nemli bardasyny arassalaýar. Netijede, nemli bardanyň iýmit maddalary siňdirişini oňatlaşdyrýar, ony güýçlendirýär. Galyberse-de, aşgazandaky turşulygy kadalaşdyrýar. Ýagny turşulygy az bolan nähoşlaryň turşulygyny ýokarlandyrýar we tersine ýokary turşulykly ýagdaýda kadaly derejä golaýladýar. Umuman, Arçman suwunyň täsiri astynda aşgazanyň, bagryň, öthaltanyň, içegeleriň, aşgazanasty mäziň, nerw ulgamynyň işi kadalaşýar, käbir zenan we deri keselleri üçin-de peýdalydyr. Saglygy seljeriş bölüminde anyklaýyş gurallary, umumy barlaghana, biohimiki we kliniki barlaghana, rentgen anyklaýyş otaglary, ultrases, oňurgaçekiji enjam, kolonoskopik, gastrofibroskopik barlag otaglary, bejerişde ulanylýar. Fizioterapewtiki bejeriş bölüminde diatermiýa, magnitolazer, şöhlewanna, owkalama otagy, elektrouky, ozokerit we şem bejeriş otaglarynda bejeriş alýarlar. Arçman şypahanasynda bejerip bolýan kesellere şu aşakdakylar degişli: gyzylödegiň dowamly gaýnaglamasy, onuň diwertikulasy, dowamly gastritler, öthaltanyň we öt ýollarynyň keselleri, olaryň diskineziýalary, gepatitler, holangitler, aşgazanyň we onkibarmak içegäniň başlary, pankreatitler, kolitler, enterokolitler, babasilin daşky we içki görnüşleri, aşgazanyň we onkibarmak içegäniň başy zerarly emelli bejergiden 6 aýdan soň, ýüregiň işjeňliginiň bozulmalary (ýürek newrozlary), öte geçmedik ateroskleroz keseli, birinji derejeli gipertoniýa ýüregiň we beýni gan aýlanyşygynyň bozulmalarynyň alamatlary ýok bolan ýagdaýynda, döreýşi dürli bolan (inçekeselden galanlaryndan özgesi) dowamly guragyrylar, bir we birnäçe bogunlarynyň keselleri (çişi bolmadyk wagtynda), alyş-çalşyň bozulmagy zerarly dörän oňurga we bogun agyrylary (artritler), oňurgalara we bogunlara duz ýygnanma keseli (osteoartroz), gaýtalap durýan çakyza, kükrek we oňurgalaryň radikuliti (degna damarjyklarynyň dowamly gaýnaglamasy), semizligiň ýeňil we orta alamatlary, klimaks zerarly döreýän näsazlyklar, neýrodermit, deri gijilewügi, dowamly iteşen, gyzylendigan demrew, parapsoriaz, endokrin amenoreýalary, ýatgy we onuň ösüntgileri dowamly keselliler şypa tapýarlar.